“Ýaşlar parahatçylygyň sütüni”: Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde talyplaryň we mugallymlaryň Magtymguly Pyragy seýilgähindäki tejribe okuwy

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyl ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata  Watanymyzyň şanly sepgitlerine ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirmegi bilen obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, paýtagtymyz dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylyp  giň gerimli işler alynyp barylýar.

2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” hünäriniň 1-nji ýyl talyplary Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy O. Çaryýewiň  we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň  şeýle hem “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy  N.Annadowanyň,  M. Bekmurzaýewanyň guramagynda, türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwürleriniň birinde ýaşan, agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwlet gurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi bilen gulluk eden beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berilen Magtymguly Pyragy seýilgähinde göçme okuw tejribeligini geçdiler.

Okuw tejribesiniň dowamynda talyplara bu seýilgähiň binagärlik aýratynlyklary,  inženerçilik enjamlaşdyrylyş ulgamlary we peýdalanylyş usullary barada giňişleýin düşündiriş berildi. Seýilgähleriň görnüşleri, bezeg aýratynlyklary we olaryň döwrebap enjamlaşdyrylyşy şeýle hem bu seýilgähe bezeg berýän Magtymguly Pyragynyň ömür döredijiligi we onuň many-mazmuna ýugrulan şygyrlarynyň nesil terbiýesindäki ähmiýeti  barada talyplara tejribeli hünärmenler we mugallymlar tarapyndan maglumat berildi.

Tejribelikde talyplar özleriniň binagärlik taslamalarynda ulanyp biljek amaly maglumatlaryny topladylar. Şeýle-de seýilgähiň gurluşyk aýratynlyklary barada çuňňur tejribe gazanyp, binagärlik ugrunda bilimlerini artdyrdylar.

Netijede, bu okuw önümçilik tejribesi talyplar üçin örän täsirli bolup, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzdaky binagärlik-gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan giň gerimli işler bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi. Talyplar bu göçme okuw sapagyndan uly täsirler alyp, öz hünär ugurlarynda täze bilimleri we tejribeleri edinmek üçin gymmatly mümkinçilik gazandylar.