2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde gezelençde boldular.

Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar asyrlar boýy özüniň gymmatlygyny ýitirmän gelýän türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklarynyň gudratyndan döreýän haly we haly önümleri barada giňişleýin düşünje aldylar. Mundan başga-da muzeýde taryhy tapyndylar, gadymyýetden gözbaş alýan medeni gymmatlyklar, inçe we nepislik bilen ýerine ýetirilen el işleri bilen has ýakyndan tanyşdylar.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylymyzda ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerimizi gymmatlygyny ýitirmän, bizden soňky nesillere miras goýmak bilen bagly işler giň gerimde durmuşa geçirilýär. Döwlet muzeýinde gurnalan gezelenç talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy we şöhratly geçmişimize, baý taryhymyza bolan buýsanç duýgusyny has-da artdyrdy.