Ýurdumyzda yglan edilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýanwar aýynyň 16-syna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň mugallymlary hem-de talyp ýaşlary Türkmen halysynyň milli muzeýine gezelenç gurnadylar. Gezelenjiň dowamynda olar halkymyzyň köp asyrlyk taryhyndan miras galan halylar we haly önümleri bilen ginişleýin tanyşdylar.
Bilşimiz ýaly, halyçylyk sungaty türkmen halkynyň jemgyýetçilik-medeni durmuşynyň aýrylmaz bölegi hasaplanyp, oňa ýurdumyzyň umumy medeni özboluşlylygynyň nusgasy hökmünde garalýar. Türkmen halysyndaky çeperçilik bilen dokalyp ýerleşdirilen göller halkymyzyň ruhy baýlygyny we ahlak gymmatlyklaryny beýan edip, ene-mamalarymyzyň yhlasy bilen biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu inçe sungaty geljekki nesillere ýetirmek bolsa, biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Şeýle-de, bu gezelenjiň dowamynda mugallymlar we talyplar muzeýde ýerleşdirilen nepis halylaryň geçmiş taryhyny, olaryň dokalyş aýratynlyklaryny, reňkleriň ýerlikli ulanylşyny, tire-taýpa baglylykda gölleriň üýtgeýşini uly gyzyklanma bilen öwrendiler. Bu gezelenç mugallymlarda we talyplarda uly täsir galdyrdy.