«SAGDYN BEDENDE-SAGDYN RUH» ATLY AÝDYM-SAZLY SPORT ÇÄRELERI GEÇIRILDI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda Bütindünýä saglyk güni hem-de saglyk biraýlygynyň başlanmagy mynasybetli «Sagdyn bedende-sagdyn ruh» atly aýdym-sazly köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleri geçirildi.

Bu sport çäreleriň dowamynda institutyň talyp ýaşlarynyň arasynda sportuň küşt, erkin göreş, woleýbol, stoluň üstündäki tennis görnüşleri boýunça sport bäsleşikleri geçirildi we welosiped sportuny söýüjileriň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişi hem gurnaldy. Garaşsyz diýarymyzda welosport köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyga örän peýdalylygy bilen ähli ýaşdaky watandaşlarymyzyň ünsüni özüne çekýär. Geçirilen bu sport bäsleşikleri diýseň çekeleşikli we gyzykly bolup, şeýle sport çäreleri aprel aýynyň dowamynda yzygiderli dowam etdiriler.

Häzirki ajaýyp döwrümizde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine, jemgyýetde, aýratyn-da ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmäge, beden taýdan berk, ruhubelent ýaş nesli terbiýelemäge uly üns berilýär. Şonuň üçin hem sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär.