Belarus milli tehniki uniwersitetinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekiliniň geçiren okuw sapagy

Belarus milli tehniki uniwersitetiniň Ulag kommunikasiýa fakultetiniň talyplarynyň Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň wekili bilen duşuşygy


2025-njy ýylyň 26-njy martynda Belarus milli tehniki uniwersitetiniň Ulag kommunikasiýa fakultetiniň "Awtomobil ýollary" kafedrasynyň 1-70 03 01 "Awtomobil ýollary we uçuş meýdançalary" hünäriniň 4-nji ýyl talyplary bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň "Awtomobil ýollarynyň gurluşygy" kafedrasynyň müdiri, tehniki ylymlaryň kandidaty Ýolly Myradow okuw sapagyny gurnady.
Talyplara Arkadag şäheri we Türkmenistanda awtomobil ýollarynyň ösüşi, howa-klimat we fiziki-geografiki şertleriň sebitleýin ýol gurluşygyna edýän täsiri, şeýle hem awtomobil ýollarynyň gurluşygynda ulanylýan tehnologiýalar barada giňişleýin maglumat berildi. Duşuşygyň iň gyzykly bölegi bolsa Ý. Myradow tarapyndan gurnalan wiktorina boldy. Onda talyplar ýol gurluşygy boýunça soraglara jogap berdiler. Wiktorinanyň netijesinde tapawutlanan talyplara Türkmenistanyň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň nyşanlary bilen ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
"Awtomobil ýollary" kafedrasynyň müdiri Çistowa Tatýana Anatolýewna bilen Ýolly Myradow kafedralaryň geljekki hyzmatdaşlygy, mugallymlaryň özara tejribe alyşmagy we talyplary taýýarlamak boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Surat galereýasy
 

sertifikat