«AI (EMELI AŇ) TEHNOLOGIÝASYNYŇ BINAGÄRLIKDE WE DIZAÝNDA ORNY HEM-DE TASLAMA IŞLERINDE ULANYLYŞY» atly okuw-usuly sapagy

Döwrebap ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalaryň, aýratyn-da emeli aň (AI) tehnologiýalarynyň orny barha artýar. Şol nukdaýnazardan, 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň Binagärlik kafedrasy tarapyndan guralan «AI (emeli aň) tehnologiýalarynyň binagärlikde we dizaýnda orny hem-de taslama işlerinde ulanylyşy» atly okuw-usuly sapagy ýokary derejede geçirilip, ylmy-pedagogik jemgyýetçilikde uly gyzyklanma döretdi.


TDBGI


Okuw-usuly sapak Binagärlik kafedrasynyň tejribeli mugallymlary Äşe Gubaýewa we Şirmuhammet Jepbarowyň ýolbaşçylygynda hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda guralyp, oňa ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlary onlaýn görnüşde işjeň gatnaşdylar. 


TDBGI


Sapagyň esasy maksady - emeli aň tehnologiýalarynyň binagärlik we dizaýnda ulanylyş mümkinçiliklerini giňişleýin açyp görkezmek, häzirki zaman taslama işlerinde emeli aň tehnologiýalarynyň orny, onuň döredijilik we inženerçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdaky ähmiýeti barada gatnaşyjylara çuňňur düşünje bermekden ybarat boldy.

Okuw-usuly sapakda emeli aň tehnologiýalarynyň binagärlik taslamalarynyň döredilmeginde, şäher gurşawynyň sanly modelirlenmeginde, interýer we eksterýer dizaýnynda, gurluşyk çözgütleriniň kadalaşdyrylmagynda, wagt we serişdeleri tygşytlamakdaky mümkinçilikleri amaly taslama mysallaryň ýerine ýetirilmegi bilen beýan edildi. Hususan-da, häzirki wagtda dünýä binagärliginde giňden ulanylýan sanly taslama platformalary, generatiw dizaýn, 3D modelirleme we maglumatlara esaslanýan çözgütler barada jikme-jik maglumatlar berildi.

Sapagyň dowamynda gatnaşyjylar diňe bir nazary bilim bilen çäklenmän, emeli aňyň döredijilik mümkinçilikleriniň binagärlik pikirlenişini nähili täze derejä çykarýandygy barada giňişleýin pikir alyşdylar. Bu bolsa talyp ýaşlaryň innowasion pikirlenişini ösdürmekde, olaryň geljekki hünär taýýarlygyny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Bu okuw-usuly sapagyň täzeçilligi bolsa, sanly tehnologiýalar bilen binagärligiň sazlaşygyny görkezmeginde, onlaýn görnüşde ýokary derejede guralmagynda, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň bir wagtyň özünde gatnaşmagynda, tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygynda alnyp barylmagynda aýdyň ýüze çykdy.

Sapagyň ahyrynda geçirilen jemleýji bölümde gatnaşyjylaryň bellikleri we teklipleri diňlenildi. Olar bu okuw-usuly sapagyň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýändigini, şeýle çäreleriň geljekde yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Netijede, «AI (emeli aň) tehnologiýalarynyň binagärlikde we dizaýnda orny hem-de taslama işlerinde ulanylyşy» atly okuw-usuly sapak ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamyny ösdürmäge, binagärlik we dizaýn ugrunda döwrebap hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilen möhüm ädimleriň biri boldy.

Bu okuw-usuly sapak Türkmenistanyň bilim ulgamynda innowasion çemeleşmeleriň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny hem-de ýaş hünärmenleriň halkara derejesinde bäsleşige ukyply bolup ýetişmeginiň üpjün edilýändigini aýdyň görkezdi.