Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklarynda bolşy ýaly, ylmy-barlag işlerinde hem toplumlaýyn ösüşe aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 23-nji ýanwaryndaky 1061-nji Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek” maksatnamasy (2019–2030-njy ýyllar) hem-de 2022-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda kabul edilen 245-nji Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda seýsmologiýa ylmyny toplumlaýyn ösdürmegiň 2022–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” ýurdumyzyň seýsmiki howpsuzlygyny üpjün etmäge, seýsmik gözlegleriň gerimini giňeltmäge we bu ugur boýunça milli tejribäni kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Bu maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň amala aşyrylmagy ýer titremeleriniň tebigatyny, olaryň güýç derejesini, depginliligini we adamlara, binalara hem-de infrastrukturanyň desgalaryna ýetirýän täsirini ylmy taýdan çuňňur seljermegiň häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň biridigini görkezýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Atmosferanyň fizikasy institutynyň bilen bilelikde taýýarlan S.Izýumowyň, G.Begenjowyň we Ý.Myradowyň “Ýertitremeleriň seýsmik depginlilik güýjüni kesgitlemek” atly okuw gollanmasy seýsmologiýanyň esaslaryny, ýer titremeleriniň fiziki tebigatyny, seýsmiki tolkunlaryň aýratynlyklaryny, seýsmiki etraplaşdyrmany hem-de depginlilik güýjüni bahalandyrmagyň dürli usullaryny giňişleýin açyp berýär.
Gollanmanyň esasy maksady — seýsmik hadysalaryň depginlilik derejesini kesgitlemegiň nazary we amaly binýadyny düşündirmek, şeýle hem Türkmenistanda ulanylýan sebitleýin makroseýsmiki şkalanyň halkara seýsmiki şkalalar (MSK-64, EMS-98, MMI we beýlekiler) bilen deňeşdirme esasynda seljerilişini görkezmekdir.
Okuw gollanmada makroseýsmiki barlaglaryň geçirilmegi, ilat arasynda soragnamalaryň gurallary, binalara we desgalara ýetirilen zyýany bahalandyrmak, şeýle hem ýer titremelerine adamlaryň psihologik we fiziologik täsirleriniň öwreniliş usulyýetleri beýan edilýär. Mundan başga-da degişli maglumatlary toplamak, seýsmik kartalary düzmek we seýsmik howpy seljermek boýunça amaly ugurlar görkezilýär.
Bu gollanma seýsmologlar, geofizikler, inžener-gurluşykçylar, şähergurluşyk hünärmenleri, şeýle hem ýokary okuw jaýlarynyň degişli ugurlarda okaýan talyplary üçin niýetlenendir. Ol seýsmik depginlilik güýjüni kesgitlemekde, seýsmiki howplary bahalandyrmakda hem-de seýsmika durnukly gurluşygy meýilleşdirmekde möhüm gollanma hökmünde peýdalanylyp bilner.
Taýýarlady: Amanmyrat ARAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ylym bölüminiň başlygy.