2025-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Fransiýa Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Fransiýa Respublikasynyň Gawr uniwersitetiniň wekilleri hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alyşdylar hem-de wekilçilik edýän ýokary okuw mekdepleri barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýleki ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamynyň hem-de gurluşyk we senagat pudagynyň ýokary depginler bilen ösýändigi, köpsanly nusgalyk şäherleriň, şäherçeleriň, döwrebap obalaryň ençemesiniň gurlandygy, olaryň hatarynda institutyň mugallymlary tarapyndan şekil taslamasy taýýarlanan we Aşgabat şäherinde gurulmaga teklip edilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň gurluşyk işleriniň ýokary depginde alnyp barylýandygy we institutyň täze binasynyň 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýandygy barada aýdyldy.
Duşuşykda ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary kesgitlenildi.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty