Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýokary ylmy mümkiçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly, ýaşlary terbiýeläp ýitişdirmekde öňümizde goýan baş wezipelerini durmuşy geçirmek, Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň hem-de tebigy we takyk ylmy ugurlarna degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de ýaşlarda ýeňşe bolan erki terbiýelemek, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz gözegçiligi amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inzener-mehanika fakultetiniň Elektrotehnika kafedrasynyň gurnamagynda 2025-nji ýylyň 8-nji dekabrynda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda “Elektrotehnika” dersinden ders bäsleşigi geçirildi.

Ders bäsleşigine ýurdumyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň 18-si gatnaşyp, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin gatnaşmak tertibinde Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, hem-de Türkmenistanyň Deňiz we derýa institutynyň talyplary üçin sanly ulgam arkaly onlaýyn gatnaşmak tertibinde geçirildi. Ders bäsleşigi örän çekeleşikli ýagdaýda geçirildi.


