Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, halkara derejede maslahatlar, forumlar we duşuşyklar geçirilýär. Ýewropa Bileleşiginiň “Horizon Europe” atly ylym we innowasiýa maksatnamasynyň 2025-nji ýyl üçin Iş meýilnamasy bellenilen tertipde ylalaşylyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Ýewropa Bileleşiginiň “Horizon Europe” atly ylym we innowasiýa maksatnamasynyň Merkezi Aziýa, şeýle hem Ýewropa bileleşigine agza döwletlerinden we “Horizon Europe” bilen baglanyşykly ýurtlardan, döwlet we hususy pudaklardan dürli guramalara wekilçilik edýän ylmy işgärleriň we innowatorlaryň çykyş etmeklerinde wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Bu maslahata Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar. Ýewropa Bileleşiginiň Global Hyzmat guramasy tarapyndan gurnalan bu maslahatda Ýewropa Bileleşiginiň ylmy-barlag we innowasiýa boýunça esasy maliýeleşdirme maksatnamasy bolan “Horizon Europe” tanyşdyryldy. Dürli ylmy-barlag ugurlary boýunça goşmaça maliýeleşdirme mümkinçiliklerini görkezmek bilen birlikde, möhüm çig mallara (ÇRM) belli bir tematika üns berilýän 2026-2027-nji ýyllar üçin geljekki Horizon Europe Iş maksatnamalaryna aýratyn üns berildi. Maslahatyň dowamynda geljekki Horizon Europe taslama konsorsiumlary üçin dialog, özara tejribe alyşmak we hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin gymmatly platforma hödürleýän Sanly Torlaşma sessiýalary barada gürrüň edildi.

Bu maslahat geljekde Ýewropa bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ylmy-barlag we innowasiýa babatda hyzmatdaşlygy berkitmäge giň ýol açar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary Ýewropa Bileleşiginiň “Horizon Europe” atly ylym we innowasiýa maksatnamasy bilen ýakyndan tanşyp, bu ugurda halkara tejribe alyşmak barada özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap aldylar.
Kümüş Allabaýewa,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
“Diller” kafedrasynyň uly mugallymy