HÜNÄR DEREJESINI ÝOKARLANDYRYŞ OKUWY

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 18-inden dekabr aýynyň 5-i aralygynda dolandyryşda sanly ulgama geçiş tejribesi, döwlet dolandyryşynda innowasiýalar we sanly ulgamdaky täze usullar, sanly özgerişler döwründe döwlet gullugyndaky üýtgeşmeler, elektron resminama dolanyşyk ulgamy we iş usullarynyň täze görnüşleri boýunça geçirilen hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň hünärmenleri gatnaşdylar.

Hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary kafedrasynyň müdiri Seda Hangeldiýewiç Hojaýew “Adam serişdelerini dolandyrmagyň ulgamlary”, Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň dekanynyň okuw işleri boýunça orunbasary Medet Babaýewiç Saryýew “Sanly döwlet dolandyryşynyň strategik esaslary”, institutyň Kompýuter hasaplaýyş merkeziniň hünärmeni Batyr Ödäýewiç Hezretow “Döwlet gullugynda täze tehnologiýalar we emeli intellekt” hem-de Mikroelektronika we ölçeg tehnikasy kafedrasynyň müdiri Ilýas Kurbanmuhammedowiç Remazanow “Sanly hökümetde kiberhowpsuzlyk” ugurlary boýunça okap, degişli Sertifikatlary aldylar.