Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýylyň mart aýynyň 21-ne Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň üçünji gezek biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýetini talyp ýaşlara wagyz etmek hem-de hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmek, kanun bozulmalarynyň öňüni almak, internet ulgamyny okuw maksatly ulanmak bilen baglanyşykly Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäher saglygy goraýyş müdirliginiň wekilleriniň gurnamaklarynda “Türkmengaz” Döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň uly mejlisler zalynda professor-mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň arasynda «Ösüş arkaly parahatçylyk» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.