2025-nji ýylyň 16-17-nji noýabrynda Hormatly Pezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň ýedinji konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin döwlet iş saparynda boldy. Döwlet iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamalary, gol çekilen resminamalary, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen ikiçäk geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar, Özbegistanyň we Türkmenistanyň Prezidentleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly Türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň açylyp ulanmaga berilmegi, iki doganlyk ýurduň arasynda dostlugy, özara ynanyşmagy we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşan uly goşandy üçin mertebesi belent Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahyman Serdarymyza Özbegistan Respublikasynyň ýokary döwlet sylagy – “Ýokary derejeli dostluk” ordeniniň gowşurylmagy (sylaglanylmagy) bilen baglanşykly wagyz-nesihat işlerini guramak maksady bilen, TDBGI-iň TDP-niň guramagynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny belende göterýän parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna bagyşlap, “Tükmenistanyň hemişelik Bitaraplygy – abadançylygyň we durnukly ösüşiň kepilidir” atly maslahat geçirildi.