2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Geodeziýa” kafedrasynyň uly mugallymy Narbaý Özbekow tarapyndan “Geomaglumatlar ulgamy arkaly kartalaşdyrma işlerini geçirmek” atly onlaýn ylmy-okuw maslahaty geçirildi.

Okuw maslahatyna ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyplary gatnaşdy. Onlaýn duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň wekilleri özara tejribe alyşdylar.

Çykyşda geomaglumat ulgamynyň tebigy, jemgyýetçilik ylymlary bilen arabaglanyşygy, geografiki maglumat ulgamyny döretmek üçin kartografiki, statistiki we kosmos materiallarynyň ulanylyşy, obýektler baradaky maglumatlary ýygnamak, saklamak, gözlemek we işlemek üçin niýetlenen serişdeleri öwrenmek bellenip geçildi.