“Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleri şöhlelendirýän, şeýle hem adam saglygyna bagyşlanan we sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündeýän gymmatly eserlerini wagyz-nesihat etmek boýunça Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň meýilnamasyna” laýyklykda, 2025-nji ýylyň 24-nji noýabrynda institutyň Ýol gurluşygy fakultetiň talyp ýaşlarynyň arasynda “Gurluşyk materiallary” kafedrasynyň gurnamagynda wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
Maslahatda KÝGGG-niň epidemiolog lukmany Allabaýewa Maral Seýitmämmedowna, ÝKMM-niň Milli AIDS Öňüni Alyş Merkeziniň öňüni alyş bölüminiň müdiri, lukman Ýalkapowa Maýsa Garryýewna şeýle-de “Gurluşyk materiallary” kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý. Ataýewa Jennet Baýramberdiýewna dagylar çykyş etdiler. Olar talyplara adamyň saglygy barada giňişleýin maglumat berdiler. Myhmanlar öz çykyşlarynda gepatitler, ýiti respirator keseller, şeýle hem AIW/AIDS we JAGAÝ ýokançly keselleriň öňüni alynmagy barada gürrüň berdiler. Geçirilen wagyz-nesihat çäresi talyp ýaşlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine we öz saglygyna jogapkärli çemeleşmegine itergi bermek bilen bir hatarda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda alnyp barylýan oňyn özgertmeleriň ähmiýetini hem açyp görkezdi.
Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda öňüni alyş çäreleriniň kämilleşdirilmegi, ilatyň saglygyny goramakda alnyp barylýan netijeli işler hem-de ýokanç keselleriň öňüni almak bilen baglanyşykly meseleler giňden beýan edildi.
Ylym bölüminiň esasy hünärmeni
Gülnar Tekäýewa