“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” üstünlikleri barada gürrüňdeşlik geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň  gatnaşmagynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler we dabaraly wakalar barada  gürrüňdeşlik geçirildi. Jemgyýetçilik guramalarynyň gurnamagynda geçirilen dabaraly çärede “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň” ilkinji günlerinde döwletimizi dünýä ýüzüne tanadan bedewlerimiziň, milli “Galkynyş” at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünlikleri barada gürrüň berdiler.Häzirki wagtda milli atçylyk sportyny ösdürmekde giň möçberli işler alnyp barylýar. Milli “Galkynyş” at üstündäki oýunlar topary Monako knýazlygynyň Monte Karlo şäherinde geçirilen 47-nji  halkara sirk festiwalynda türkmen tuguny belende galdyryp, baş baýraga mynasyp bolmaklary milli atçylyk sungatynyň dünýä ýüzüne ýaýylýandygyny ýene bir gezek subut etdiler.