Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça ösdürmek, ykdysadyýetimizi has-da berkitmek, jemgyýetiň bilim we innowasiýa kuwwatyny artdyrmak ugrunda giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan strategik maksatnamalar ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleri derejesinde ösüşleri gazanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamy, ylym-bilim hyzmatdaşlygy, sanlylaşdyrma we kämil hünärmenler taýýarlamak babatda uly üstünliklere eýe bolýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde döredilýän döwrebap şertler, ýaşlaryň döredijilik we innowasion mümkinçilikleriniň ösdürilmegine gönükdirilen döwlet syýasaty ýurdumyzyň geljegine ynamly ýol açýar.

2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän DARYA taslamasynyň çäginde Halkara Senagatçylar we Telekeçiler uniwersitetinde «Iş ýerinde taýýarlyk (halypa-şägirt ýörelgesi)» atly okuw maslahaty geçirildi.
Bu okuw maslahatyna Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet we hususy dolandyryş edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň degişli hünärmenleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar iş ýerinde taýýarlyk, halypa-şägirt ulgamynyň döwrebap modelleri, sanly tehnologiýalaryň orny, önümçilik ýörelgeleri we tejribeli hünärmenleriň ýolbaşçylygyndaky okuw usullary bilen tanyşdylar.
Şol sanda bu okuw maslahatyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň degişli hünärmenleri hem gatnaşyp, bu okuw-önümçilik tejribäniň netijelerini we taslamanyň çäklerinde alnyp barylýan halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini paýlaşdylar.
Okuw maslahaty ýokary hilli hünärmenleri taýýarlamakda täzeçe çemeleşmeleri ornaşdyrmagy, işgärleriň we talyplaryň iş döwründe ussatlyk derejesini ýokarlandyrmagy, dünýäniň ösen tejribelerini milli mümkinçilikler bilen baglanyşdyrmagy maksat edinýär.

DARYA taslamasynyň çäklerinde geçirilýän şeýle çäreler ýurdumyzyň bilim ulgamynda we senagat pudaklarynda halkara standartlaryna laýyk gelýän täze ugurlary ösdürmäge, işgärleriň hünär başarnyklaryny artdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetiň häzirki ösüş depginlerine laýyk gelýän kämil hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berýär.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny halkara tejribeleri bilen baýlaşdyrmakda, şeýle giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden, çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Watanymyzyň ösüş ýolunda alyp barýan beýik, döwletli, rowaçlyga beslenýän ýol-ýörelgeleri, şeýle hem ylym-bilim ulgamyny täze derejelere çykarýan beýik tutumly işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Ýolly Myradow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
“Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiri,
tehniki ylymlaryň kandidaty