2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 13-ine Inžener-mehanika fakultetiniň “Önümçiligi awtomatlaşdyrmak” kafedrasynyň dosenti Ahmet Penjiýew Moskwanyň energetiki instituty tarapyndan elektrik üpjünçiligi, energiýanyň adaty däl çeşmeleri, kiçi kuwwatly energetiki desgalar bilen bagly geçirilen XXII halkara ylmy-amaly maslahatynda “Hazar deňziniň Gyzylsuw adasynyň tolkun energiýasynyň resurs potensialy” atly ylmy tema bilen onlaýn görnüşde çykyş etdi. Halkara maslahata onlaýn görnüşde Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Maslahatda kiçi kuwwatly elektrik stansiýalary, awtonom fotoelektrik stansiýalary, gidroenergetika, günüň we ýeliň energiýasy arkaly elektrik energiýasyny öndürmekde gazanylan üstünlikler we edilmeli işler bilen bagly çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem aktual temalaryň birnäçesi boýunça özara pikir alyşyldy.
