Meýletinçileri taýýarlamak boýunça umumy onlaýn okuw sapaklary dowam etdirilýär

         2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan ybarat bolan meýletinçileri taýýarlamak hakynda Bilim ministriniň 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran 56 belgili buýrugyna laýyklykda, meýletinçileri taýýarlamak bilen bagly umumy onlaýn okuw sapagy geçirildi.

         Bu onlaýn okuw sapagyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty boýunça terjimeçilige, meýletinçilige we wagyzçylyga saýlanan talyplar we mugallymlar işjeň gatnaşdylar. Onlaýn sapagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory Ö. Muhammetberdiýew “Halkara gatnaşyklarynda diplomatiýanyň, diplomatik we konsullyk gulluklarynyň orny” atly temada çykyş etdi. Häzirki döwürde Türkmenistan watanymyzyň halkara gatnaşyklary, diplomatiýanyň many-mazmuny, diplomatik gatnaşyklarda meýletinçilik hereketiniň ösüşi we ähmiýeti, meýletinçiniň hünär taýýarlygy we özüni alyp barmagyň medeniýeti baradaky onuň çykyşy örän täsirli boldy. Bu onlaýn okuw sapagyna gatnaşan meýletinçi talyplar özlerine gerekli möhüm maglumatlary aldylar. Meýletinçileri taýýarlamak bilen bagly umumy onlaýn okuw sapaklary her hepdede yzygiderli dowam etdiriler.

         Şeýle hem meýletinçileriň dil we terjime başarnyklaryny, wagyz-nesihat işlerini gurnamagy ösdürmek maksady bilen, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň Meýletinçiler merkezi tarapyndan hepdede iki gezek amaly okuw sapaklary gurnalýar.  Bu amaly okuw sapaklarynda ýörite tassyklanan Okuw maksatnamasy boýunça iňlis dilinde we rus dilinde okuwlar gurnalýar. Meýletinçiler Watanymyzyň taryhyny, däp-dessuryny, medeniýetini, sungatyny, milli baýramçylyklarymyzy,  daşary ýurt dillerinde öwrenip, ýurdumyza geljek daşary ýurtly myhmanlara giňişleýin beýan etmek bilen, biziň ýurdumyzyň halkara abraýyna uly goşant goşarlar.

 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkezi