Arkadag şäheriniň ösüşlerinde ýaşlaryň orny: Ýol gurluşygy fakultetiniň talyplarynyň önümçilik tejribeligi – bilim, ylym we önümçiligiň arabaglanyşygynyň täze derejesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň her bir künjeginde durmuşa geçirilýän döredijilikli işler ýurdumyzyň ösüşiniň täze belentliklere tarap ynamly gadam urýandygyny görkezýär. Sebitiň ilkinji «akylly» şäheri hökmünde dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döredýän Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky gurluşyk işleri hem hut şol ösüşleriň beýik miwesidir.

2025-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň (TDBGI) Ýol gurluşygy fakultetiniň talyp ýaşlary professor-mugallymlaryň ýolbaşçylygynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryndaky “ÝEDI ÝER” hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan şaýolunyň gurluşygynda önümçilik tejribeliginde bolup, nazaryýetde alan bilimlerini iş ýüzünde berkitmäge mümkinçilik aldylar.


TDBGI


Häzirki wagtda bu giň gerimli gurluşyklaryň çäklerinde “ÝEDI ÝER” hojalyk jemgyýeti tarapyndan “Polatly” binasy bilen “Atly oglan” binasynyň aralygynda uzynlygy 10 000 metr bolan “Ahalteke atlar” şaýolunyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle täsin taslamalar diňe bir şäheriň keşbine owadanlyk goşmak bilen çäklenmän, ýurdumyzyň ýol gurluşygy ulgamyndaky innowasion çemeleşmeleriň hem aýdyň mysalydyr.

TDBGI-niň talyplary Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda hem ýerine ýetirilen taslama işleri, gurluşyk-gurnama aýratynlyklary, enjamlaşdyrmak we inženerçilik ulgamlary, şäheriň sanlylaşdyrylmagy, ýol-ulag düzümleriniň gözegçilik ulgamlary ýaly möhüm ugurlar bilen yzygiderli tanyşyp, hünär başarnyklaryny has-da baýlaşdyrdylar.

Arkadag şäheriniň sebitde ilkinji smart şäher bolmagy bilen onuň gurluşygynda ulanylýan halkara tejribeler, sanly çözgütler, ekologik taýdan arassa tehnologiýalar we şähergurluşyk maksatnamalarynyň sazlaşykly utgaşygy talyplar üçin örän täsirli okuw-önümçilik meýdançasyna öwrüldi.


TDBGI


TDBGI-niň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşan bu gezekki okuw-onümçilik tejribeligi “Ahalteke Atlar” şaýolunda ýol düşeginiň aşaky ilkinji gatlagynyň düşelýän möhüm pursadyna gabat geldi. Bu ýerde alnyp barylýan işler barada “ÝEDI ÝER” hojalyk jemgyýetiniň tejribeli hünärmeni giňişleýin düşündiriş berdi. Ol ýol gurluşygynyň diňe bir asfalt düşemekden ybarat däldigini, eýsem onuň öň ýanynda zerur bolan ylmy barlaglaryň, geodeziki we geologiki seljermeleriň, seýsmik ýagdaýlary öwrenmegiň, ýerasty suwlaryň derejesini kesgitlemegiň we toprak düzümleriniň aýratynlyklaryny anyklamagyň hökmanydygyny nygtady.

Hünärmeniň bellemegine görä:

  • ýol guruljak ýerleriň seýsmologiýasy;
  • ýertitremeleriniň täsir derejesi;
  • ýerleriň geodeziki relýefi;
  • geologiki we gidrogeologiki gurluşy;
  • ýerasty suwlaryň hereketi we derejesi;
  • toprak gatlaklarynyň geodinamiki aýratynlyklary öňünden düýpli öwrenilýär.

Şol ylmy maglumatlaryň esasynda taslama işleri taýýarlanylýar, soňra bolsa gurluşyk-gurnama işleri şol taslamalaryň talabyna laýyk alnyp barylýar. Bu işleriň ählisi ylmyň, bilimiň we önümçiligiň berk arabaglanyşygy bolup durýar.

Bu ýagdaý ýol gurluşygynyň ýokary inženerçilik düzgünlerini, onuň ylmy taýdan berjaý edilýändigini we ýurdumyzyň ýol infrastrukturasynyň geljege gönükdirilen binýadynyň döredilýändigini görkezýär.

Bu okuw-önümçilik tejribeliginiň dowamynda aýratyn bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda gurluşyk, ulag-logistika, senagat we innowasiýa ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli işler ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýar.

Türkmenistanyň ähli künjeginde gurulýan ýol-ulag ulgamlary, seýsmik taýdan durnukly we ýokary hilli binalar hem-de desgalar hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän giň gerimli Döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Bu ugurda kabul edilen Döwlet maksatnamalary, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, halkara tejribäniň milli kadalara uýgunlaşdyrylmagy döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat edýär.

Bu ösüşleriň mizemez binýadynyň döredilmeginde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň döredip beren beýik başlangyçlarynyň ornuny hem aýratyn nygtamak gerek. Gahryman Arkadagymyzyň pähimli görkezmeleri bilen şäher gurluşygynda, ýol-ulag gurluşygynda, bilim ulgamynda we sanly ulgamlarda giň mümkinçilikler döredildi.

Şonuň üçin hem, önümçilik tejribeligine gatnaşan ähli talyplar, mugallymlar hem-de hünärmenler döredilýän giň gerimli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Watanymyzyň ösüş ýolunda alyp barýan beýik we döwletli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!


Ýolly Myradow, 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
“Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiri, 
tehniki ylymlaryň kandidaty