Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri esasynda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda sport ýaryşlary giň gerime eýe bolýar. Şundan ugur alyp, institutyň Talyplar sport klubynyň we Bedenterbiýe kafedrasynyň guramagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyň talyp oglanlarynyň arasynda «ŞAŞKA» boýunça sport ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşa institutyň Bedenterbiýe kafedrasynyň mugallymlary eminlik etdi. Sport ýaryşy diýseň çekeleşikli geçirildi. Bu sport ýaryşyna institutyň fakultetleriniň talyp ýaşlarynyň işjeň gatnaşmagy, talyplaryň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine, göwnejaý we peýdaly dynç almagyna, okuwda we sportda ýokary netijeleri gazanmaga ýardam etdi.

Şaşka boýunça geçirilen sport ýaryşynyň netijeleri boýunça I orny Raýat goranyşy fakultetiň, II orny Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiň hem-de III orny Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň talyplary eýelemegi başardylar. Ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bu geçirilen sport ýaryşy institutymyzda bedenterbiýä we sporta berilýän ägirt uly ünsüň netijesidir. Bu günki günde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary hem sportuň dürli görnüşlerine höweslidiklerini subut edýärler.