Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Kärhanalarda ykdysadyýet we dolandyryş”, “Gozgalmaýan emläkleriň dolandyrylyşy” kafedralary 2025-nji ýylyň noýabr aýynyň 14-ne Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli “Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyndaky mümkinçilikleri” atly onlaýn ylmy-amaly maslahatyny geçirdi. Ylmy-amaly maslahatyna Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit-gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Türkmenistanda logistika syýasaty”, “Nebitgaz logistikasynda sanly ekiz tehnologiýalarynyň ulanylyşy”, “Ulag we kommunikasiýalar toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary” ýaly temalar boýunça çykyş etdiler.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudagy ýokary depginler bilen ösýär. Pudaklarda ýerine ýetirilýän işler, öndürülýän gurluşyk materiallaryň we konstruksiýalaryň möçberini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak, önümleri öndürmek, gaplamak, ugratmak barada düýpli işler alnyp barylýar. Türkmenistanda bazaryň institusional gurşawy döredildi, emma işiň bähbidi üçin ony wagtyň we milli ykdysadyýetiň ýüze çykarýan talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek zerur bolup durýar.
Türkmenistanda diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem global derejede söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge niýetlenen ähli ýol-ulag amatlyklaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Türkmenistanyň halkara başlangyçlary, şol sanda ulag-aragatnaşyk ulgamy boýunça tutumlary milli derejedäki durnukly ösüş strategiýasynyň ählumumy maksatlary bilen utgaşykly durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda ösen maglumat-telekommunikasiýa ulgamynyň bolmagy milli ykdysadyýeti ýokary götermegiň, jemgyýetiň işewürlik we intellektual işjeňligini ösdürmegiň baş faktorlarynyň biri bolup durýar, ýurduň halkara bileleşigindäki abraýyna şaýatlyk edýär. Häzirkizaman şertlerinde ykdysady işjeňligiň hiç bir görnüşi özaralarynda hem, dünýä döwletleri bilen gatnaşyklarda hem oňat hilli aragatnaşyk ulgamy bolmazdan netijeli ösüp bilmez. Kuwwatly ykdysadyýeti ösdürmek, artdyrmak we rejeli peýdalanmak kosmiki usullary peýdalanmak, hasaplaýyş we optiki süýümli tehnikany ösdürmek bilen maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagyna esaslanmalydyr.
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin transport ýollaryny, telekommunikasiýa we maglumatlar ulgamyny döretmegi dowam etmek, şeýle-de ýurduň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýyny Ýewraziýa böleginde has-da berkitmek üçin alnyp barylýan işler netijesinde ýurdumyzyň üstünden geçirilýän ýükleriň, şeýle-de syýahat edýän adamlaryň tranzit ýolagçylygy elbetde ýurduň ulag-aragatnaşyk kuwwatyna parallel derejede ösýär. Bu babatda ýurduň ykdysady kuwwatyny belli bir derejede ulag- aragatnaşyk pudagynyň derejesi kesgitleýär. Türkmenistanda logistika ulgamynyň döredilmegi halkara derejede uly ähmiýete eýedir.