Belarus Respublikasynyň Ýol ylmy-barlag institutynda geçirilen halkara ylmy-tehniki maslahatyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň wekilleri gatnaşdylar.
Belarus Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň hem-de beýleki hyzmatdaş ministrlikleriň, ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň, hususy kärhanalaryň, telekeçileriň goldaw bermeginde, Belarus Respublikasynyň Ýol ylmy-barlag instituty döwlet kärhanasynyň "BeldorNII" 2025-nji ýylyň 27-28 martynda «Ulag infrastrukturasynda ýollar we köprüler üçin täze tehniki çözgütler» atly halkara ylmy-tehniki maslahaty Minsk şäherinde geçirdi, oňa Belarus Respublikasynyň Ulag we aragatnaşyk ministrliginiň, Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň degişli ministrlikleriniň, edara-kärhanalarynyň, hususy kärhanalarynyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň ýol-administratiw edaralarynyň, ýol-ulag ugurlaryna degişli guramalarynyň 160-dan gowyrak wekilleri gatnaşdylar.
Bu halkara ylmy-tehniki maslahatynyň çäginde esasy bellenilmeli çäreleriň biri hem Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Atalyk kitaplary sergide maslahata gatnaşyjylary tanyşdyryldy. Bu sergidäki görkezilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň Atalyk kitaplary maslahata gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi we Belarus Respublikasynyň teleýaýlymlary we ylmy we syýasy žurnallary surata düşürdiler.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý., uly mugallym, t.y.k. Ýolly Myradow Belarus Respublikasynyň Ýol ylmy-barlag instituty döwlet kärhanasynyň "BeldorNII" (Minsk şäheri) 2025-nji ýylyň 27-28 martynda geçiren «Ulag infrastrukturasynda ýollar we köprüler üçin täze tehniki çözgütler» atly halkara ylmy-tehniki maslahaty Minsk şäherinde «Ulag infrastrukturasynda ýollar we köprüler üçin täze tehniki çözgütler» atly halkara ylmy-tehniki maslahatynyň plenar mejlisinde “Asfaltbetonyň düzminiň hilini ýokarlandyrmak üçin polimerleri we rezin owundygyny goşmagyň innowasion çemeleşmeleri” atly ylmy tema boýunça çykyş etdi.
Ý. Myradow çykyşynyň dowamynda awtomobil ýollarynyň gurluşygynda türkmenistanyň ýeten sepgitleri, Asfaltbetonyň düzminiň hilini ýokarlandyrmak üçin döwletimiziň degişli ýokary okuw mekdeplerinde, sol sanda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň ýurdumyzdaky ylmy-barlag institutlary bilen bilelikde alnyp barylýan işler, ondaky ulanylýan goşundylar bolan polimerleri we rezin owuntygyny goşmagyň innowasion çemeleşmeleri boýunça giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Aziýa bilen ýewropanyň çatrygynda ýerleşýändigi we häzirki wagtda Beýik ýüpek ýoluny täze öwüşginde döretmek boýunça Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwlet syýasatlary barada giňişleýin durlup geçildi. Çykyşyň soňunda maslahata gatnaşyjylaryň çykyş boýunça gyzyklanýan meseleleri boýunça sorag-jogap alşyldy.
Ýokardaky aýdylyp geçilenlerden başga-da, halkara ylmy-tehniki maslahatynyň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň müdiriniň w.ý.ý., uly mugallym, t.y.k. Ýolly Myradow Belarus Respublikasynyň ýerli teleýaýlymlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimizde uly ösüşlere mynasyp bolýan işler barada çykyş etdi.
Bu halkara ylmy-tehniki maslahatynyň çäginde beýleki çykyş eden wekiller hem beýleki döwletler bilen bir hatarda Türkmenistanyň ýol-ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça alyp barýan halkara ähmiýetli uly işleri barada bellenilip geçildi.
Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň Ýolçylarynyň Hökümetara Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, Russiýa Federasiýasynyň ulagçylarynyň at gazanan işgäri, professor Buri Baçabekowiç Karimow öz çykyşynyň dowamynda “Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylarynyň ýol-ulag infrastrukturasyny ösdürmek boýunça alyp barýan işlerinden, biz görelde almalydyrys” belläp geçdi.
“BeldorNII” Belarus ýol ylmy-barlag instituty, Belarus Respublikasynyň ýol gurluşyk pudagyndaky esasy ylmy-barlag edaralarynyň biridir. Bu institut 1960-njy ýylda döredilýär, şol döwürde ýol gurluşygynda ýokary derejede tehniki we ylmy-tehniki ösüşlere daýanýan möhüm edarasy hökmünde döredilipdir. Institut, ýol gurluşygynda ulanylýan asfalt, beton we beýleki gurluşyk materiallarynyň ylmy-barlaglaryny alyp barmak we gurluşykda ulanmak boýunça giňişleýin synaglar geçirýär. Täze gurluşyk standartlarynyň we tehniki düzgünleriň işlenip düzülmegine gözegçilik edýär. Institut täze tehnologiýalaryň we “akylly” ýol ulgamlarynyň, şeýle hem ekologiýa taýdan durnukly ýol gurluşygy çözgütleriniň işlenip düzülmegine uly ähmiýet berýär. Uly göwrümli ylmy barlaglary we tejribeleri geçirip, halkara hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly, tehniki we ylmy tejribäniň paýlaşylmagyna ýol açýar.
“BeldorNII” Belarus ýol ylmy-barlag instituty diňe ýerli şertlerde däl, eýsem halkara derejesinde hem hyzmatdaşlyk edýär. Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Özbegistan we beýleki ýurtlar bilen ylmy-tehniki tejribe we maglumat alyş-çalyş boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barýar hem-de ýewropa döwletleriniň taslamalaryna, seminarlaryna gatnaşyp, tehniki programma üpjünçiligini bilelikde amala aşyrýar.
Häzirki wagtda “BeldorNII” Belarus ýol ylmy-barlag instituty (“BeldorNII” döwlet kärhanasy) bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglanyşmak boýunça resmi ýagdaýda işler alnyp barylýar.
Häzirki wagtda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arabaglanyşygyny has-da pugtalandyrmak, halkara arenasynda mynasyp ornuny eýelemek we ýokary tehnologiýalary döretmek hem-de işlenip taýýarlanylan innowasiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça döwlet derejesinde amatly şertler döredilýär.
Şeýle mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin, Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!