Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Her bir ýurduň bagtyýarlygy abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakynda aladalardan gözbaş alýar” diýen ajaýyp jümlelerden ugur alyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek, maksady bilen 2025-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi Geňeşiniň we Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda institutyň giň eýwanynda türkmeniň milliligini wasp edýän sergi ýaýbaňlandyryldy.
Merdana türkmen halkymyz milliligimizi, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy uzak heňňamlaryň dowamynda pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap, şu güne çenli ýetirip, has-da kämilleşipdirler. Halkymyzyň milli lybaslary, köz ýaly keteni köýnegi, çabytdyr kürtesi, milli tahýasy, köpöwüşginli keşdeçilik sungaty milletimiziň edebi hem mizemez gymmatlygydyr. Milli lybaslarymyzyň özboluşly aýratynlyklary olaryň salynýan nagyşlarynda jemlenýär.
Türkmen halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!