Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde her ýylyň 6-njy oktýabrynda 1948-nji ýylda bolup geçen elhenç Aşgabat ýertitremesinde şehit bolanlaryň ýagty ýadygärligini hatyralaýarlar. Şundan ugur alyp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň guramagynda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalaryny, şeýle-de ähli watançylyk uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlaryny hatyralap, «WATAN MERTLERI HATYRALAÝAR» atly ýatlama çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda çykyş edenler tebigy betbagtçylygyň 170 müňden gowrak watandaşlarymyzyň ömür tanapyny kesendigini, türkmen paýtagtyny tutuşlygyna diýen ýaly weýran edendigini, şol pajygaly wakadan bäri näçe ýyl geçse-de, mähribanlary hem-de ýakynlary baradaky hakyda nesilleriň ýüreklerinde baky ýaşaýandyklaryny we ýitgileriň yzasynyň hiç haçan aýrylmaýandygyny aýtdylar.
Hawa pajygaly gijede şehit bolanlaryň hatarynda 1941—1945-nji ýyllaryň urşunyň gazaply söweşlerinde gahrymançylyk görkezen, ilhalar ynsan, mugallym we tutuş ömrüni asylly işe — ýaşlary terbiýelemäge bagyşlan garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Bu gün watandaşlarymyz ýene-de bir gezek bilelikde we jebislikde ýitgileriň yzasyny çekýärler we dünýäniň hoşniýetlilik, parahatçylyk üçin döredilendigine ynanýandyklaryny görkezýärler.
Asuda we parahat Watanymyzda Aşgabat ýertitremesini ýatlap geçirilýän çäreler parasatly pederlerimiziň däpleriniň dowam etdirilýändiginiň, halkymyzyň ruhubelentligini ýokarlandyrmagyň hatyrasyna nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň nobatdaky aýdyň nyşanyna öwrüldi. Merdana ata-babalarymyzy hemişe ýatlap, olara tagzym etmegiň we sarpalamagyň nusgasyny görkezýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, Garaşsyz Watanymyzda döretmegiň, parahat we bagtyýar durmuşda ýaşamagyň, zähmet çekmegiň bähbidine alyp barýan döwletli işlerinde Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza rowaçlyklar ýar bolsun!
Orazmyrat ANNAÝEW,
TDBGI-niň Raýat goranyşy fakultetiniň
dekany, polkownik.