Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlary hem-de 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlary ýatlap, Hatyra güni bellenilýär. Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýady-gärlikler toplumyna gül goýmak çäresi geçirilip, garaşsyzlygymyz, erkinligimiz, bagtyýar durmuşymyz üçin şirin janlaryny gurban eden ata-babalarymyz hatyralanyp, ýatlanyp geçilýär.
Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy Watana bolan beýik söýginiň nyşany bolup, bu toplum türkmenistanlylaryň baky şöhratyna we edermenligine häzirki nesilleriň mukaddeslik hökmünde tagzym edýändiginiň alamatydyr. Ýurduň gahrymanlarynyň hakydasyny hatyralamak bolsa, ata-babalarymyzyň köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan çuňňur ynsanperwer ýörelgeleriniň biri bolup, türkmen halkynyň ruhy-medeni gymmatlyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Aýratyn ähmiýetli seneleri bilelik-de bellemek däbi asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýar. Munuň özi ata-babalarymyzdan gelýän asylly däpdir.
Hatyra güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň talyplary bilen gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň iň bir ajaýyp künjekleriniň biri bolan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna medeni gezelenç guraldy.
Ýurdumyzda wepat bolanlaryň hatyrasyna berilýän sadakalar we dogadilegler kabul bolsun! Gadymy türkmen topragynda hemişe parahatçylyk we agzybirlik höküm sürsün!