Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlary okuw maslahatyna gatnaşdylar

ÝHHG tarapyndan “Ýaşyl we durnukly şäherler” taslamasynyň çäklerinde geçirilen “Durnukly we howanyň üýtgemegine uýgunlaşan şäher ösüşi” boýunça okuw maslahatyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary gatnaşdylar.

Maslahata institutyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Senagat we raýat jaý gurluşygy” kafedrasynyň mugallymy M. Myradow hem-de “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy Ş. Jepbarow gatnaşyp, ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynda alnyp barylýan işler, şäherleriň durnukly ösüşi we ekologiýa taýdan arassa gurşawy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan çäreler barada çykyş etdiler.

Maslahatyň dowamynda durnukly şäherleriň gurluşygy, şeýle hem şäher ösüşi boýunça milli edaralaryň işine ýardam bermek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.