“Ýaşlar – ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty”

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Demokratik partiýasynyň guramagynda “Ýaşlar – ata Watanymyzyň güýç-kuwwaty” atly tegelek stol geçirildi hem-de institutymyzyň partiýa agzalarynyň hatarynda durýan işjeň mugallymlary Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy. Dabaranyň ahyrlap barýan pursadynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.