Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtdan paýly eziz ildeşlere 2025-nji ýylyň mart aýynyň 25-ne Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Demokratik partiýasynyň guramagynda “Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly Tegelek stol “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyl ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata Watanymyzyň şanly sepgitlerine ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirmegi bilen obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, paýtagtymyz dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylyp giň gerimli işler alynyp barylýar. Ine ýaňy ýakynda has takygy 2025-nji ýylyň 21-nji martynda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki BMG-nyň Ştap kwartirasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy baradaky kararnama 3-nji gezek ykrar edildi. 2025-nji ýylyň mart aýynyň 24-ne geçirilen “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň dabaralanmagy” atly maslahatyna Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň halypa mugallymlary we bagtyýar talyplaryna gatnaşmak miýesser ýetdi. Biz ýaşlar üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Her bir türkmen ojagyna agzybirlik, rysgal-bereket, asmanymyzyň hemişe asuda, ýurdumyzyň parahat bolmagyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolmagyny, ömürleriň uzak bolmagyny. Il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.