Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrik üpjünçiligi we elektromehanika” kafedrasy tarapyndan alynyp barylýan “Ýaş energetik” atly ylmy gurnakda ýerine ýetirilýän ylmy işleri has kämilleşdirmek makasady bilen “GAZ TURBINALY YKJAM ELEKTRIK STANSIÝASY” atly täze taslama bilen talyplar tanyşdylar. Türkmenistanyň elektrik energetika pudagynda we adamyň ýaşaýy durmuşynda, elektrik energiýasyny öndürip ulanmak esasy meseläniň biri bolup durýar. Şu nukdaýnazardan “Gaz turbinaly ykjam elektrik stansiýa” tutýan meýdany beýleki elektrik stansiýalara görä tygşytly täze döwre bap akylly stansiýalary gurmak wajyp meseleleriň biri bolup durýandyr. Dünýä ýüzünde energetika pudagy ösen ýurtlarda-da derwaýys meseläniň biri elektrik energiýasy gerek bolanda elektrik stansiýalar elektrik energiýasyny berip bilmeýär.

Biziň şu taslamamyzda, tiz wagtda gerek bolan elektrik energiýany wagtlaýyn üpjün edip bilýär. Ondan başga-da elektrik stansiýanyň golaýynda gurulýan ýerleri howpsuz, bökdençsiz we tygşytly elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin häzirki zaman tehnologiýasyny hödürleýäris.

Bu taslamada ýerli ilaty elektrik energiýa howsuzlygyny ýokary derejede ýerine ýetirilen, gidýän elektrik geçirijisi ýerasty kabel liniýasy bilen geçirilen, 35 we 10 kV paýlaýjy elektrik enjamlary ýapyk görnüşde gurnalan, elektrik stansiýanyň daşky görnüşi ýerli ilatyň binagärlik-gurlyşygynyň talabyna laýyk gurulan.
Taslamanyň düzümi: