Inžener-mehanika fakultetiniň “Tehnologik maşynlar we enjamlar” kafedrasynyň göçme okuw sapagy

2025-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Tehnologik maşynlar we enjamlar” kafedrasynyň mugallymlary hem-de Göteriji, äkidiji, gurluşyk ýol maşynlary we enjamlary hünäriniň 4-nji ýyl talyplary bilen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda göçme okuw sapagy geçirdiler.


TDBGI


Göçme okuw sapagynyň dowamynda täze binalar toplumynda alnyp barylýan gurluşyk işleri, gurluşyk prosesiniň tapgyrlary we işde ulanylýan tehnikalaryň ähmiýeti bilen tanyşdylar. Mugallymlar talyplara gurluşykda giňden peýdalanylýan göteriji we äkidiji maşynlaryň gurluşy, olaryň dürli görnüşleri we işleýiş prinsipi  barada giňişleýin maglumatlar berdiler.

Şeýle-de, talyplar ýer işlerinde ulanylýan awtogreýderleriň aýratynlyklary, ýol gurluşygynda ulanylýan topragy dykyzlandyryjy katoklaryň ähmiýeti, beton garyjy maşynlaryň gurluşykda ýerine ýetirýän wezipesi bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, ýükleýji-düşüriji maşynlaryň, şeýle hem gurluşykda giňden ulanylýan minara we awtomobil kranlarynyň mümkinçilikleri we olaryň ulanylyş aýratynlyklary barada umumy düşünje aldylar.

Göçme okuw sapagy diňe bir täze bilimleri bermek bilen çäklenmän, eýsem talyplarda gelejekki hünärlerine bolan gyzyklanmany hem güýçlendirdi. Olar mugallymlarynyň düşündirişleri arkaly nazary taýdan öwrenen bilimleriniň tejribelikde nähili ulanylýandygyny görmäge mümkinçilik aldylar. Bu bolsa olaryň geljekde ökde hünärmen bolup ýetişmekleri üçin möhüm ähmiýete eýedir.