“Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwür beýik işler bilen beýgelýär”

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp ýyly, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” uly üstünliklere beslenýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de beýik baýramçylygymyzy dabaranlandyrmak bilen bagly anyk işleriň we ileri tutulýan ugurlaryň konsepsiýasy yzygiderli durmuşa geçirilýär.

            Üstümizdäki ýylyň 21-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekiçiler partiýasynyň Aşgabat şäher we Ahal welaýat komitetleriniň bilelikde guramagynda “Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwür beýik işler bilen beýgelýär” atly maslahatyň işine gatnaşmak miýesser etdi.

Maslahatda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler, şol özgertmeleri durmuşa geçirmek hususy pudagyň tutýan orny barada, döredilýän mümkinçilikler dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Golaýda, has takygy 17-nji martda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17-ýyllygynyň giňden bellenip geçilişi. Şol günen Söwda we Senagat edarasynda geçirilen Sergi hakynda aýtdylar. Hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar maslahatynda biziň ýurdumyzyň başlangyjy we 67 döwletiň awtordaşlyk etmeginde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda kararnamany indi üçinji gezek kabul edendigi hakynda buýsanç bilen bellediler.