“Daşary ýurt dillerini öwrenmekde öňdebaryjy maglumat programmalary” atly onlaýn ylmy-amaly maslahat

"Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly" mynasybetli "Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna", "Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna" laýyklykda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Dilleri okatmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň işini durmuşa geçirmekde bellenilen çärelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda 2025-nji ýylyň oktyabr aýynyň 22-sine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlarynyň we talyplaryň arasynda "Daşary ýurt dillerini öwrenmekde öňdebaryjy maglumat programmalary" atly onlaýn ylmy-amaly maslahatynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy Merjen Baýramgulyyewa "The Role of Al in Modern English Education" we 1-nji ýyl talyby Aýbölek Aşyrowa (ylmy ýolbaşçysy B. Oraztaganowa) "Mastering English with Al: Using Deepseek and ChatGPT" atly temalar bilen çykyş etdiler we işjeň gatnaşdylar.


TDBGI


TDBGI


TDBGI