Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyplary “Bäherden” sement zawodyna göçme okuw sapagyny geçirdi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň Himiýa tehnologiýasy (senagat pudagynda) taýýarlygyň ugrunyň 2-nji ýyl talyplary “Organiki däl maddalaryň himiki tehnologiýasy” kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi O. Şyhyýewanyň ýolbaşçylygynda “Önümçilik güni” okuw sapagyny tejribelikde özleşdirmek maksady bilen 2025-nji ýylyň 20-nji martynda “Bäherden” sement zawodynda  göçme okuw  sapagy geçirildi.

“Bäherden”  sement zawodynyň  bölümlerine ýagny çig maly taýýarlama we ýakma bölümlerine  aýlandylar. Ol ýerde ýerleşýän barlaghana bilen tanyşdylar. Barlaghanada alnyp barylýan işlere syn etdiler.   Şeýle-de barlaghananyň enjamlary bilen  tanyşdyrdylar