Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda “Zenan kalby gözelligiň nusgasy” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi

Taryha salgylanamyzda zenanlara maşgala ojagynyň mukaddesligi hökmünde garalypdyr. Türkmen Zenanlary wepaly ýanýoldaş, mährem ene, yhlasly öý bikesi bolmak bilen adamkärçiligiň asylly häsiýetlerini özünde jemleýärler. Ata-babalarymyz zenany mertebe tugy hasap etmek bilen olaryň hemişe gözellikler bilen gurşalmagy hakynda alada edipdirler. Dünýä akyldary beýik Magtymguly Pyragynyň dür dänesi deý gymmatly setirlerinde:

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa

diýmek bilen, gelin gyzlaryň jemgyýetdäki ornuny aýdyň kesgitläpdir. Olary dünýä bezegine, many-mazmunyna, goja zeminiň görküne deňäpdir.  Häzirki günde hem zenanlar ýaşaýşyň, rowaçlygyň, sazlaşygyň, kämilligiň şuglasy bolup kalplarymyzy nurlandyrýar. Türkmen halkly maşgala, ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak, nesillerimizi milli ruhda terbiýelemek barada meselä aýratyn ünsli çemeleşýär. Maşgalanyň abraýy, rysgaly, döwletliligi, esasan hem-de zenanlara degişlidir.


TDBGI


Şonuň üçin hem-de maşgala binýadynyň berkemeginde, nesilleriň döwrebap terbiýelenmeginde zenanlaryň ornuna aýratyn ähmiýet berilýär. Maşgalanyň abraýy şol maşgaladaky zenanlaryň päk ahlagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçin hem-de zenan türkmen ahlagynyň päkligidir. 


TDBGI