Türkmen bazarynda düýpli gurluşyga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň netijeliligi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda 22-nji oktýabrda okuw seminary geçirildi. Gurluşyk toplumy – milli ykdysadyýetiň özara bagly hereket edýän pudaklardyr. Şu pudaklarda önümçilik – ykdysady gatnaşyklar olaryň döreýiş aýratynlyklary hem-de bilelikde ýerine ýetirilýän işler öwrenilýär. Mälim bolşy ýaly, ykdysadyýetiň her bir pudagy özbaşdak hereket edýär, şol bir wagtda hem pudaklar biri-biriniň ösüşine ýardam berýärler. Bu aýratynlyk milli ykdysadyýetiň gurluşyk toplumynda hem aýdyň görünýär. Gurluşyk ykdysadyýetiň pudaklaryny önümçilik kuwwatlyklary desgalar, ýaşaýyş jaýlary ýollar we beýleki binalar bilen üpjün edýär. Şeýlelikde, milli ykdysadyýetde üznüksiz önümçiligiň hereket etmegine şert döredýär. Şu babatda ykdysadyýetiň wezipeleriniň netijeli bolmagyna köplenç gurluşyk pudagynyň ösüşi itergi berýär. Şol bir wagtda hem binalary we desgalary gurmak üçin sarp edilýän ähli maddy harajatlaryň ýarysyna golaýy gurluşyk materiallary senagatynyň paýyna düşýär. Şu sebäpden hem ol dürli pudaklaryň, aýratyn hem gurluşyk önümçiliginiň maddy binýady hökmünde çykyş edýär, bu pudak gurluşygy, onuň üsti bilen ykdysadyýeti ösdürmekde kesgitleýji orun tutýar.


TDBGI


Halakara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitaraplyk baýramçylygynyň toýlanýan günlerinde Gahryman Arkadagly Serdarymyza “Türkmenistanyň At gazanan arhitektory” diýen hormatly ady dakyldy. Ýurdumyzyň Paýtagtynda sebitde ilkinji “Akylly şaher” bolan Arkadag şäherinde we welaýatlarda saglygy goraýyşy halkara ölçeglere laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmanýylyk ylmyna we tejribesine esaslanýan kämil binagärlik taýdan tapawutlanýan döwrebap nusgalyk saglygy goraýyş we bejeriş edaralarynyň sport desgalarynyň uly toplumy gurlup ulanmaga berildi. Şeýle nusgalyk işler ýurdymyzyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýar.

Berkarar Watanymyzyň bagtyýarlyk döwründe şäherleriň we obalaryň durky täzelenýär, tarp ýerlerde döwrebap şäherdir – obalar gurulýar. Şolar bilen birlikde önümçilik we gumanitar ulgamlaryň binalarynyň hem desgalarynyň gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylýar. Olara ýaşaýyş jaýlary, bilim we medeni – sport binalary, senagatyň, obasenagat toplumynyň, ulag we aragatnaşyk kärhanalaryny we başgalary degişli etmek bolar.

Türkmen bazary düýpli gurluşyga gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberi boýunça özüne çekiji hasap edilýär. Şol bir wagtda hem hususy kompaniýalar täzeçiligi şeýle hem nou-hau-laryny we tehnologiýlaryny teklip etmek bilen halkara bäsdeşlikde üstün çykmaga mümkinçilik alýarlar. Gurluşyk pudagynyň önümi hökmünde önümçilik kuwwatlyklary we önümçilik maksatly däl obýektler çykyş edýär. Gurluşyk pudagynyň önümçilik binýadyny gurluşyk industriýasy emele getirýär. Ol gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmäge niýetlenen umumygurluşyk, gurnama we ýöriteleşdirilen kompaniýalardan, birleşiklerden, önümçilik guramalaryndan ybaratdyr. Gurluşykda guramalar, birleşikler, kombinatlar, senagatyň fabrik-zawodlary, sehleri ýaly, önümçilik bilen meşgul bolýarlar, ýagny olar önümçilik kärhanalary hasap edilýär. 

Umuman ýurdumyzy ösdürmekde gurluşyk syýasatynda ähli meseleri çözmäge we ýerine ýetirilýän işleri berjaý etmäge toplumlaýyn çemeleşýär. Gurulýan binalar we desgalar şäherleriň, obalaryň keşplerini has-da gözelleşdirip, hil we ygtybrlyk, boýunça bildirilýän talaplara hem ýokary estetiki kadalara laýyk getirilýär. Döwlet derejesinde gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligiň ýola goýulmagy binalaryň we desgalaryň öz möhletinde gurulmagyna, hil babatda ýokary bolmagyna getirýär. Gurluşykda potratçylaryň işlerini ýokary hil derejede bellenilen möhletde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin şertler berjaý edilýär. Daşary ýurt kompaniýalary hem bu ugurda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly isleg bildirýärler.  

Şu pursatdan peýdalanyp Il-halk bagtyýarlygy, ýurt abadançylygy ugurda gijesini gündiz edip zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza, Gahryman Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag bolmagyny, belent başlarynyň aman, işleri hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.