Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “Logistika” hünäriniň 3-nji ýyl talyplary 2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda nazaryýetde alan bilimlerini berkitmek maksady bilen, ýagny gozgalmaýan emlägiň gymmatyny kesgitlemek barada hasabatda bildirilýän umumy talaplary öwrenmek.
Obýekti gözden geçirmek we fotosuratda berkitmek. Obýektiň gözden geçirilmegi indiki düzüjileri öz içine alýar:
Fotosuratda berkitmek daş töweregiň, girelgeleriň, binanyň öňki we yzky fasadlarynyň, dürli gurnagly, okuw otaglaryň, dälizleriň, gurluşyk taýýarlygynyň we tehniki ýagdaýynyň, obýektiň aýratynlyklarynyň, obýektiň başga ähmiýetli nyrh emele getiriji häsiýetnamalarynyň berkidilmegini göz öňünde tutýar. Ýerine ýetirilen gözden geçirme obýektiň aşakda bellenip geçilen, göze görnüm nyrh emele getiriji faktorlaryň gutarnykly beýanyny düzmäge mümkinçilik bermeli.
Dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwrülen paýtagtymyzyň çäkleri täze ýaşaýyş jaýlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň gurulmagy bilen barha giňeýär. Paýtagtymyzy ösdürmegiň tapgyrlaýyn gurluşyklarynda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary güýçli depgin bilen alnyp barylýar. Paýtagtymyzyň köçeleri häzirki zamanyň talaplaryna laýyk getirilýär, döwrebap köprüler, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeler gurulýar.
Gurluşyk pudagynyň esasy wezipeleriniň biri hem ýokary hilli we köp möçberi gurluşyk materiallaryny öndürýän täze kärhanalary gurmakdan işläp gelýän kärhanalaryň durkuny täzelemekden, önümçilige täze tehnologiýalary we enjamlary ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Ýurduň gurluşygynda gozgalmaýan emläge bolan hukuklary döwlet tarapyndan hasaba almaklygy amala aşyrmak mehanizmi we olaryň ýerine ýetirilişini, gozgalmaýan emlägiň obýektlerine baha bermek olaryň bahalaryna täsir edýän faktorlary, gozgalmaýan emläk bazar hereketiniň nazaryýetini, şahsy taraplaryň we edara görnüşli şahslaryň gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly ykdysady prosessler barada ulgamlaşdyrylan maglumatlary, gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly esasy hereket çäkleri öz içine alýar.
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda ornaşdyryljak innowasion enjamlarda ýerine ýetiriljek ylmy-innowasion işler bilim alýan talyplaryň, magistrantlaryň, aspirantlaryň, doktorantlaryň we ylmy işler bilen meşgullanýan professor-mugallymlaryň ylmy açyşlary, senagat-innowasion tejribeleri, ylmy-inženerçilik pikirleri, maglumat-tehnologik barlaglary alyp barmaklygy bilen, geljekde döwletimiziň kuwwatyny pugtalandyrmakda, aýratyn-da, ykdysadyýetimiziň sanly düzümleriniň ösdürilmeginde wajyp ähmiýete eýe bolar.