Baýdak-Garaşsyzlygymyzyň nyşany: Talyplaryň we mugallymlaryň Aşgabat şäherindäki Baýdak meýdançasyna tejribe okuwy

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan 2025-nji ýyl ähli türkmen halkymyzy, ylaýta-da, bagtyýar türkmen ýaşlaryny has-da tutanýerli zähmet çekmäge, ata  Watanymyzyň şanly sepgitlerine ýetmegine mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrdy.    

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam etdirmegi bilen obalaryň we şäherleriň keşbi tanalmaz derejede özgerýär, paýtagtymyz dünýäniň iň gözel şäherleriniň birine öwürýär hem-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylyp  giň gerimli işler alynyp barylýar.

2025-nji ýylyň 25-nji martynda Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň “Binagärlik” hünäriniň 3-nji ýyl talyplary “Binagärlik” kafedrasynyň mugallymy M. Bekiýewiň ýolbaşçylygynda Aşgabat şäherindäki Baýdak meýdançasynda göçme okuw tejribeligini geçdiler.

Okuw tejribesiniň dowamynda talyplara Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň özbaşdaklygynyň, jemgyýetimiziň mizemez agzybirliginiň we jebisliginiň nyşany bolan Döwlet baýdagynyň ähmiýeti barada şeýle hem oňa  sazlaşykly ýerleşýän Türkmenistanyň baş milli muzeýiniň binagärlik çözgütleri, gurluşyk aýratynlyklary, inženerçilik ulgamlary we onuň peýdalanylyş aýratynlyklary barada giňişleýin düşündiriş berildi. Baýdak meýdançasynyň we Türkmenistanyň baş milli muzeýiniň  bezeg aýratynlyklary şeýle hem döwrebap enjamlaşdyrylyşy boýunça talyplara tejribeli hünärmenler we mugallym tarapyndan maglumat berildi.

Tejribelikde talyplar özleriniň binagärlik taslamalarynda ulanyp biljek amaly maglumatlary topladylar. Şeýle-de baýdak meýdançasy we Türkmenistanyň baş milli muzeýiniň gurluşyk aýratynlyklary barada çuňňur tejribe gazanyp, binagärlik ugrunda bilimlerini artdyrdylar.

Netijede, bu okuw önümçilik tejribesi talyplar üçin örän netijeli bolup, talyplaryň bilim derejesini ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, olara ýurdumyzyň binagärlik  ulgamynda alynyp barylýan giň gerimli işler bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik döretdi hem-de talyp ýaşlar bu tejribeden uly täsirler alyp, özleriniň hünär ugurlarynda täze bilimleri we tejribeleri edinmek mümkinçiliklerini gazandylar.