“Türkmenistanyň milli baýramçylyklary – halkymyzyň çäksiz buýsanjy” atly okuw seminary geçirildi

2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara çärelerine meýletinçi talyplary ýokary derejede taýýarlamak, şeýle hem ýaşlary watansöýüji, giň gözýetimli edip ýetişdirmek, olara Türkmenistanyň döwlet baýramçylyklarynyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Meýletinçiler merkeziniň gurnamagynda institutymyzdan saýlanan 1-nji ýyl meýletinçi talyplary bilen “Türkmenistanyň milli baýramçylyklary – halkymyzyň çäksiz buýsanjy” atly okuw seminary geçirildi.


TDBGI


Bu okuw seminarynda “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň mugallymlary, şeýle hem meýletinçi talyplar çykyş etdiler. Uly mugallym O. Berdiýewanyň “Milli baýramçylyklarymyzyň taryhyna syn” ady bilen eden çykyşy has täsirli boldy. Orazgül mugallym milli baýramçylyklarymyzyň her biri barada durup geçmek bilen, olaryň döreýş taryhy, many-mazmuny barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem, “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň  mugallym-öwrenijisi S. Jumageldiýew  “Bitaraplyk syýasatynyň taryhy” atly tema bilen çykyş edip, türkmeniň bitaraplyk ýörelgeli dogrusynda anyk mysallar bilen çykyş etdi. Kompýuter  tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň Maglumat howpsuzlygy hünäriniň 1-nji ýyl meýletinçi talyplar N. Hansaidow we A. Guwanjow dagy “Halkara Bitaraplyk baýramy – parahatçylygyň mizemez ýoly” atly tema bilen çykyş edip, türkmen Bitaraplygynyň taryhy barada sorag-jogaply sowalnamalary taýýarlapdyrlar. 


TDBGI


Okuw seminaryna gatnaşan meýletinçi talyplar ýurdumyzyň döwlet baýramçylyklary barada özlerine peýdaly maglumatlary aldylar. Okuw seminaryň ahyrynda çykyş edenler döwlet baýramçylyklarymyzy ýokary derejede bellemäge giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp hoşallyklaryny bildirdiler.


TDBGI


TDBGI


TDBGI


Taýýarlan: Kümüş Allabaýewa, 
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 
“Diller” kafedrasynyň uly mugallymy, 
Meýletinçiler merkeziniň başlygy