Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika fakultetiniň “Elektrotehnika” kafedrasy tarapyndan 2025-nji ýylyň oktýabr aýynyň 21-ne “Pedagodik işgärlerine okuw sapaklaryny kämilleşdirmekde usuly maslahatlar” atly ylmy-amaly seminar okuwy geçirildi. Seminar kafedranyň uly mugallymy Gurbandurdy Orazowyň ýolbaşçylygynda gurnalyp, oňa fakultetiň ähli professor-mugallymlary gatnaşdy.
Seminar okuwynyň geçirilmeginiň esasy maksady ylmy pedagogik işgarleriniň okuw sapaklaryny hasda kämilleşdirmek, ösüp gelýan ýaş nesle dünýä ülňelerine laýyk ylym-bilim bermek, ýaş nesli okatmagyň we terbiýelemegiň çylşyrymly wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginde, mugallymyň hünär ussatlygyny açyp görkezmekden ybarat boldy.
Mugallymyň hünär kämilliginiň özeni onuň işe bolan ussatlygydyr. Diňe bir okatmagyň we terbiýelemegiň öňdebaryjy usullaryny bilmek däl-de, mugallymçylyk işine belli bir derejede täzelik girizmek, goşant goşmak, häli şindi ýüze çykýan pedagogik hadysalardan dogry baş çykaryp bilmek pedagogik ussatlykdyr.
Seminaryň ahyrynda okuw-usuly meseleler boýunça mugallymlar tarapyndan özara pikir alyşyldy.
Ylmy-amaly seminarlaryň geçirilmegi geljekde mugallymlaryň, şol sanda ýaş öwreniji mugallymlaryň hünär kämilligini ýokarlandyrmaga uly ýardam berer.