2025-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” kafedrasynyň mugallymlary Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde “Awtomobil ýollaryny taslamak” atly okuw maslahatyny geçirdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan Watanymyzda awtomobil ýollarynyň gurluşygy uly ösüşleri başdan geçirýär. Ýurdumyzda ýollary gurmak, bar bolan ýollaryň tehniki derejesini hem-de ulanylyşyny gowulandyrmak, köprüleri we ýollary täzeden dikeltmek, ýol düşegini abat saklamak işleri alnyp barylýar. Ýol gurluşygynda hem howpsuz herekete, tizligiň ýokarlanmasyna, inžener desgalaryň gurluşygyna we ýerleşişine ilkinji orunda üns berilýär. Şu geçirilýän işler ýol gurluşyk işleriniň ulanyş-saklanyş toplumyny düzýär.
Maslahatda talyplara awtomobil ýollaryny taslamak, awtomobil ýollarynyň hereket edýän düzüminiň esasy görnüşleri we köpri geçelgeleri hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Maslahata gatnaşyjy mugallymlar we talyplar şeýle maslahatlaryň gurluşyk inženerleriniň bilim derejesini ýokarlandyrmaga we täze tehnologiýalaryň iş tejribesine ornaşdyrylmagyna möhüm itergi berýändigini nygtadylar.