Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Binagärlik-gurluşyk fakultetiniň professor-mugallymlarynyň topary Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) we BMG-niň Okuw we ylmy barlaglar instituty (UNITAR) tarapyndan guralan "Howanyň üýtgemegi boýunça halkara hukuk tertibi" (Climate Change International Legal Regime) atly onlaýn okuw kursuny üstünlikli tamamladylar.
Bu okuw kursy howanyň üýtgemegine garşy göreşde global derejede hereket edýän kanuny binýady öwrenmäge gönükdirilendir. Mugallymlarymyz kursuň dowamynda BMG-niň Howanyň Üýtgemegi Boýunça Çarçuwaly Konwensiýasy (UNFCCC), Kioto Teswirnamasy we Pariž Ylalaşygy ýaly esasy halkara resminamalarynyň düzgünlerini, borçnamalaryny, şeýle hem zyňyndylary azaltmak (mitigasiýa) we uýgunlaşmak (adaptasiýa) meselelerini giňişleýin öwrendiler.
Şeýle ýokary hilli okuwlaryň tamamlanmagy, institutymyzyň daşky gurşawy goramak boýunça milli strategiýalary we BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmäge goşýan yzygiderli goşandyny tassyklaýar. Mugallymlarymyzyň gazanan täze bilimleri geljekde ýurdumyzda ýaşyl inženerçiligi ösdürmek we ekologiýa taýdan arassa çözgütleri ornaşdyrmak ugrunda okuw we ylmy-barlag işlerini alyp barmaga berk binýat bolup hyzmat eder.