“Gurýan döwlet — gurplydyr”

2025-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň “Suw, gaz we ýylylyk üpjünçiligi” kafedrasynyň uly mugallymy Agamyrat Saparow “Aşgabat” teleýaýlymynyň “Gurýan döwlet — gurplydyr” atly gepleşigine gatnaşdy.

Gepleşikde ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda gazanylan üstünlikler, şäherleriň döwrebap keşbiniň döredilişinde binagärlik we tehnologiýanyň sazlaşygy, şeýle hem ýokary okuw jaýlarynda ýaş hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada giňişleýin çykyşlar edildi.

Agamyrat Saparow öz çykyşynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň binýadynda bilimli, zähmetsöýer hem-de innowasion pikirlenýän ýaş hünärmenleriň aýratyn ornunyň bardygyny nygtady. Ol ýurdumyzyň gurluşyk pudagynda öňdebaryjy tejribäniň ornaşdyrylýandygyny, täze tehnologiýalaryň durmuşa geçirilýändigini hem-de ekologiki howpsuzlygyň berk gözegçilikde saklanýandygyny belledi.

Gepleşigiň dowamynda çykyş eden mugallym ýurdumyzyň ösüş ýolunda ýaş gurluşykçy hünärmenleriň ähmiýetini açyp görkezdi.