Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda bilim boýunça özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek hakynda “Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2022-nji ýylyň 7-nji martyndaky 77 belgili buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakultetiniň “Kompýuter tehnologiýasy we ulgamlary” kafedrasynyň mugallymy Tyllagözel Nurmyradowa oktýabr aýynyň 16-da Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda programmirleme ugry boýunça “Programmirlemäge giriş” ady bilen seminar okuwyny geçirdi.
Seminar okuwynyň geçirilmeginiň esasy maksady, geljegimiz bolan ýaş nesle dünýä derejesinde bilim we terbiýe bermek, orta we orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmekde, giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünär taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekden, şeýle hem okatmagyň täze usullaryny we tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmakda ýaşlara ýardam bermekden ybaratdyr.
Seminaryň dowamynda talyplar IT-hünärmenler we programmaçylaryň arasyndaky tapawutlar, programmirlemäniň taryhy, perforator, programma, kod, kompilýator düşünjesi, galyberse-de programmirleme dilleriniň görnüşleri we olarda ilkinji programmanyň ýerine ýetirilşiniň aýratynlyklary bilen tanyşdylar.
Şeýle hem seminaryň ahyrynda talyplara programmirleme dilini öwrenmekde peýdaly bolup biljek edebiýat çeşmeleri sanalyp geçilip, kod ýazmakda iňlis dilini bilmegiň ähmiýetiniň aýratyndygy açyklanyldy hem-de programmirleme ugry bilen bagly gyzyklandyrma döreden soraglara mugallym bilen özara sorag-jogap alyşmak arkaly jemlendi.
Geçirilen seminar okuwy talyplara programmirleme dillerini öwrenmeklige itergi berer we hyjuw döreder hem-de olaryň gelejekde ýurdumyzyň ösüşine, sanly ulgam babatynda gazanyljak belent sepgitlerine goşant goşjak giň dünýägaraýyşly ökde hem-de kämil hünärmenler bolup ýetişmegine ýardam eder.