“Bäherden” keramiki önümleri kärhanasyna Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň talyp ýaşlarynyň göçme okuw sapagy

Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň Himiýa tehnologiýasy fakultetiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary bilen bilelikde dabaraly ýagdaýda Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda täze açylyp ulanylmaga berilen “Bäherden” keramiki önümleri kärhanasyna talyplaryň nazarýetde alan bilimlerini amalýetde çuňlaşdyrmak maksady bilen Göçme okuw sapagy geçirildi.

Talyp ýaşlar ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak bilen dünýä ölçeglerine laýyk gelýän içerki hem-de daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze senagat kärhanasy bilen tanyşdylar. Barlaghanalarynda döwrebap enjamlaryň kömegi bilen talyp ýaşlarymyz barlag işlerini geçirip gördüler we öwrendiler.