GURULÝAN BINALARYŇ SEÝSMIKI DURNUKLYLYGYNY ÖŇÜNDEN MEÝILLEŞDIRMEK BOÝUNÇA GÖÇME OKUW SAPAKLARY

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýolbaşçylygynda harby talyplara täze döwrebap harby bilimleri öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Harby bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmek, harby ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn we hukuk binýadyny yzygiderli berkitmek, talyp ýaşlary ylymly – bilimli, giň gözýetimli edip ýetişdirmäge ähli amatly şertler döredilýär.  Eziz Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmek, harby bilim ulgamyna ylmyň täze gazananlaryny ornaşdyrmak, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny artdyrmak biziň baş maksatlarymyzyň biri bolup durýar.  Şundan ugur alyp Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň harby talyplary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen gurluşygyna badalga berlen Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynda göçmek okuw sapagynda boldular. Bu guralan okuw sapagy harby talyp ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagyna, binagärlik gurluşyk işlerinde, ýol gurluşyk işlerinde şeýle hem himýa senagatynda we ulanylyşynda raýat goranyşy babatynda nazary bilimlerini kämilleşdirmegine, harby amaly endiklerini ýokarlandyrmagyna, raýat goranyşyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmeklige ýardam berdi. Hususan hem gurluşyk işleri alnyp barylýan döwürde raýat goranyşyny meýilleşdirmek, gurulýan binalaryň we desgalaryň tebigy hadysalara hem-de adatdan daşary ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmakda ilkinji nobatda ýerine ýetirilmeli işler öwrenildi.

Göçme okuw sapaklarynda harby talyplar täze gurulýan desgalaryň seýsmiki durnuklylygyny öňünden meýilleşdirmek we bu çäreleriň gurluşyk kärhanalar tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik etmek, Türkmenistanyň ilaty üçin hökmany hasaplanýan raýat goranyşyny guramaklygy öwrendiler.

 

Döwletýar ALLOWOW, TDBGI-niň

Raýat goranyşy fakultetiniň mugallymy.