Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni mynasybetli Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Talyplar sport klubynyň we Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň gurnamaklarynda instututyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan talyplary sandyn-durmuş ýörelgesine çekmek maksady bilen, sportuň woleýbol we kiçi futbol görnüşleri boýunça fakultetara sport bäsleşikleri geçirildi.
Sport bäsleşikleri has şowhunly, dabaraly we çekeleşikli geçip, sportuň woleýbol görnüşi boýunça:
1-nji orna “Ykdysadyýet we dolandyryş”;
2-nji orna “Ýol gurluşygy”;
3-nji orna “Inžener-mehanika” fakultetleri;
sportuň kiçi futbol görnüşi boýunça:
1-nji orna “Ykdysadyýet we dolandyryş”;
2-nji orna “Binagärlik-gurluşyk”;
3-nji orna “Kompýuter tehnologiýasy we awtomatikasy” fakultetleriniň talyp ýaşlarynyň sport toparlary mynasyp boldular.
Geçirilen sport bäsleşiklerde ýeňiş gazanan talyp ýaşlaryň ählisine institutyň Kärdeşler arkalaşygy guramasynyň taýýarlan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Bu sport çäreleri hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlarynyň beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak üçin alnyp barylýan işleriň aýdyň subutnamasydyr.