Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary bilen Aşgabat şäheriniň 116-njy orta mekdebiniň arasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň çäklerinde göçme okuw sapagy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek tagallalaryndan ugur alyp,  2025-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Aşgabat şäheriniň 116-njy orta mekdebinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda göçme okuw sapagy geçirildi. 

«Geodeziýa» kafedrasynyň mugallymlary kartografiki şekilleriň häsiýetleri we görnüşleri, kartografik işlerini ýerine ýetirmekligiň düzgünleri, kartalary redaktirleme işleriň aýratynlyklary we ol boỳunça  dürli kartografiki hasaplamalary ýerine ýetirmegi, täze döwrebap tehnologiýalardan peýdalanyp, kartografiýa önümçiliginde awtomatizasiýalaşdyrmaga daýanýan nusgalaryny taýýarlamagyň usullary, şeýle hem, kartogarfiýanyň halk hojalygynda tutýan orny, kartografiýanyň beýleki ylymlar bilen arabaglanyşygy  barada  giňişleýin gürrüň berdiler.