2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň “Gurluşyk materiallary” kafedrasynyň mugallymy Jennet Ataýewa tarapyndan “Jaý gurluşygynda seýsmiki täsirlere garşy alnyp barylýan çäreler” atly ylmy-okuw maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň Gurluşyk pudagynda seýsmiki howplara garşy netijeli çäreleri görmegiň ähmiýeti örän uludyr.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň seýsmiki zolaklarynda gurulýan jaýlaryň gurluşygynda ulanylýan täze tehnologiýalar, gurluşyk materiallarynyň hil talaplary we binagärlik çözgütleriniň seýsmiki durnuklylygy üpjün ediş mümkinçilikleri barada giňişleýin çykyş edilip, seýsmiki howpy ýokary bolan ýerlerde demirbeton konstruksiýalaryň ulanylmagynyň, binalaryň esaslarynyň berkidilmeginiň hem-de täze gurluşyk kadalarynyň ýerine ýetirilmeginiň zerurlygy nygtaldy.
Şeýle hem halkara tejribesi bilen deňeşdirme esasda Türkmenistanyň şertlerinde ulanylyp bilinjek ylmy esasly çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmekde ylmy-barlag işleriniň dowam etdirilmeginiň, gurluşykçylaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň hem-de täze innowasion usullaryň ornaşdyrylmagynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp geçdiler.