Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlarynyň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebine guran göçme okuw sapagy

2025-nji ýylyň 11-nji oktýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymlary Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde “Seýsmika durnukly gurluşygyň ähmiýeti” atly okuw maslahatyny geçirdi. 

Maslahatda talyplara ýer titremeleriň fiziki tebigaty, olaryň gurluşyk desgalaryna ýetirýän täsirleri, inženerlik çözgütleri, şol sanda, seýsmiki hasaplamalar, fundamentleriň aýratyn gurluşy, ýeňil we çydamly konstruksiýalar, seýsmologiki  gözegçilik hem-de ýer titremelerini ýazga almagyň usullary  hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Şeýlelikde, bu wagyz-nesihat we öwüt-ündew çäreleri häzirki wagtda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde talyp ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklygy gazanylýar. Şonuň netijesinde talyp ýaşlarymyzyň häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän derejede taslamalary ýerine ýetirmeklerini gazanmaklygy ýola goýmaklyk üçin şular ýaly okuw maslahaty bilen öňki bar bolan maglumatlaryň üsti doldurylyp durulýar. 


TDBGI